Ýazylan
Türkmenistandan “Balam”, “Bars”, “Ýüpekçi” hem-de “Altyn Yunus” kompaniýalary 2026-njy ýylyň 9–12-nji fewral aralygynda Moskwa şäherinde geçiriljek “PRODEXPO 2026” atly halkara azyk önümleri sergisine gatnaşarlar. Bu barada serginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.
“PRODEXPO” sergisi dünýäniň dürli künjeklerinden gelen önüm öndürijileri, distribýutorlary we pudak hünärmenlerini bir ýere jemleýär. Sergä gatnaşyjylar gündelik sarp edilýän önümlerden başlap, premium, organik, sport, funksional, halal hem-de ekzotiki azyk önümleri we içgiler giň görnüşini hödürlärler.
Sergide et we et önümleri, süýt önümleri, süýji önümleri, doňdurylan azyklar, içgiler, sagdyn iýmitleri, şeýle hem gaplama serişdeleri we tehnologiýalar sergilener.
“PRODEXPO 2026” sergisi kompaniýalar üçin onlarça ýurtdan gelen ýüzlerçe kärhanalar bilen işewür gatnaşyklary giňeltmäge, täze haryt nyşanlaryny we önümleri bazara çykarmaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Täze önümleriň köp sanly tanyşdyrylyşy ilkinji gezek hut şu serginiň çäklerinde geçirilýär.
“PRODEXPO” Russiýa Federasiýasynyň iň iri azyk önümleri sergisi bolup durýar. Her ýyl bu çärä 35-den gowrak ýurtdan takmynan 2 müň kompaniýa gatnaşýar.