ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň Prezidentine myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi

Ýazylan

ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serjio Gor Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowа bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu barada Serjio Gor ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen geçirilen söhbetdeşlikden soň aýtdy. Söhbetdeşligiň dowamynda sebitdäki soňky oňyn ösüşler, şol sanda onuň Türkmenistana amala aşyran sapary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada diplomat sişenbe güni öz sosial ulgamlarynda paýlaşdy.

Saparyň çäginde ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor we ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň ministri Deniel Driskol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen duşuşyklary geçirdiler.

Mundan başga-da, Serjio Gor türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.