Ýazylan
Türkmenistanyň Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew penşenbe güni Aşgabat şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Guryýer goşunlarynyň ministri Deniel Driskol we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.
Amerikan tarapy Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda alnyp barylýan diplomatik gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem Serjio Gor bilen duşuşyk geçirdi.