Ýazylan
Şu gije hem-de ertir Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda güýçli gar ýagmagyna garaşylýar.
20-nji ýanwarda gündizine howanyň temperaturasy +4 derejä çenli bolup, agşamara +2 derejä çenli pese düşer, gijesine bolsa −1 dereje bolar. Şemalyň tizligi sagatda 26 kilometre çenli ýetip biler. Garyň ýagmagy sagat 20:00-dan başlap, bütin gije dowam eder diýlip çak edilýär.
21-nji ýanwarda gündizine howanyň temperaturasy −1…+1 dereje aralygynda bolar, gijesine bolsa −4 derejä çenli sowamagyna garaşylýar. Şemal demirgazyk-günbatar tarapdan öwser, onuň tizligi sagatda 15–30 kilometre barabar bolar.
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmenleriň halk senenamasyna laýyklykda ýurdumyzda kiçi çille döwri başlandy.