Ýazylan
17-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «TRACECA» Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşyk geçirdi-diýip, TDIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen «TRACECA-nyň» degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge türkmen tarapynyň taýýardygy nygtaldy.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Ýewropa, Gara we Hazar deňizleri, Kawkaz we Aziýa sebitlerinde ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag baglanyşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen Ýewropa - Kawkaz - Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulandygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.