Türkmenistan bilen Pakistan ýokary derejeli saparlara görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdylar

Ýazylan

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabat şäherinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari bilen çarşenbe güni duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylda meýilleşdirilýän ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlyk görmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de täze ýylda bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi boýunça gepleşikleri geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky altynjy mejlisiniň, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň we Türkmen-Pakistan işewürler forumyny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem 2026-njy ýylda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn resminamalaryň sanawyna seredilip geçildi.

Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 10-njy maýynda ýola goýuldy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.