Ýazylan
Welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalaryny hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek hakynda resminama gol çekildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn Asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Lebap welaýatynyň 74-nji Amyderýa, 79-njy Darganata, Mary welaýatynyň 104-nji Peşanaly we 106-njy Wekil saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary 2026-njy ýylyň 29-njy martynda ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.