Ýazylan
Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 11 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -3 gradus sowukdan +3... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +8 gradusdan +13... +15 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2... +7 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl bolar.