«Türkmentelekom» EAK-nyň hyzmatlaryny onlaýn dolandyryň!

Ýazylan

Müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin «Türkmentelekom» EAK-nyň «Şahsy otag» milli onlaýn-programma üpjünçiligi we mobil goşundysy ýola goýuldy.

«Şahsy otag» milli onlaýn-programma üpjünçiligi we mobil goşundysy arkaly:

Internet, IP TV, telefon hyzmatlary, «Belet Video», «Belet Film» onlaýn kinoteatr platformasy boýunça ýüze çykyp biljek näsazlyklary barada sargyt ibermek; (sargytlar tehniki işgärler tarapyndan kabul edilip, gysga wagtyň içinde zerur bolan geçirmek-çalyşmak işleri alnyp barylýar);

Aragatnaşyk hyzmatlaryň sanawyny görmek we täze girizilýän hyzmatlaryň görnüşleri bilen tanyşmak;

Aragatnaşyk hyzmatlaryny birikdirmek, aýyrmak we bu hyzmatlaryň nyrh meýilnamasyny saýlamak we özbaşdak üýtgetmek;

Ähli geçirilen tölegleriň sanawy we möçberleri barada takyk maglumat bilen tanyşmak;

Bank karty arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasabyny gije-gündiziň dowamynda nagt däl amala aşyrmak ýaly hyzmatlary onlaýn ýerine ýetirýär.

«Şahsy otag» - müşderileriň özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna dessine jogap tapmagyna we kompaniýanyň alyp barýan işleri barada doly maglumatlary almaklaryna mümkinçilik berýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.