Ýazylan
Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi.
Pakistanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi, umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin Pakistanyň Hökümetine minnetdarlygyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplaryň uly gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uly geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Ilçi Pakistanyň türkmen döwletiniň alyp barýan döredijilikli, oňyn daşary we içeri syýasatyny, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň transkontinental energiýa we ulag geçelgelerini döretmek baradaky möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.
Söhbetdeşlikde Türkmenistan -- Owganystan -- Pakistan -- Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak, şeýle hem Türkmenistan -- Owganystan -- Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berjekdigini belledi.
Duşuşykda däp bolan ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň wajypdygy-da nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow diplomaty Türkmenistanda işläp başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.