Ýazylan
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýokary derejede geçirilen duşuşyklardan soň, iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Daşkendiň Halkara howa menziline geldiler. Bu ýerde Prezidentler gepleşikleriň netijelerine we gazanylan ylalaşyklara kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitlere, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini tassykladylar hem-de birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, bu ýerden ugrady.
Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar hem-de döwlet Baştutanynyň Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» («Oliy Darajali Do'stlik») ordeni bilen sylaglanmagy hem-de döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutladylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Daşkende saparynyň çäklerinde 16-njy noýabrda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy we onuň dowamynda strategik hyzmatdaşlygy hem-de hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleri öňe sürüp, çykyş etdi. Saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidenti şu gün Özbegistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy, soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, şeýle-de iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Daşkentde geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerden soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» («Oliy Darajali Do'stlik») ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Umuman, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran döwlet sapary iki goňşy ýurduň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerletmekde, sebit hem-de halkara gün tertibindäki meseleler babatda pikir alyşmakda möhüm ähmiýetli waka öwrüldi.