Ýazylan
Daşkentde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Oňa Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň il sylaglary ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, halk köpçüligi gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew teleköpri arkaly söwda maksatly bu möhüm desganyň işine ak pata berenlerinden soň, söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek bölekleriniň girelgesindäki toý baglary dabaraly ýagdaýda kesildi. Şol pursatda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini döretmek hem-de onuň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda — özbek Lideriniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde bu merkeziň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu wajyp taslamanyň durmuşa geçirilmegi haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýumlary çekmek, iki ýurduň telekeçileriniň we hojalygy ýöredýän subýektleriniň arasynda özara tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Daşkent şäherini Daşoguz we Horezm welaýatlary bilen birleşdiren teleköpri tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýetleri serhetýaka söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek böleklerine baryp görüp, olarda işleriň guralyşy, alyjylara hödürlenilýän harytlar bilen tanyşdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulaglar gowşuryldy.