Daşkentde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

Ýazylan

Şu gün Daşkentde döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Kuksaroý» köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Köşgüň ikiçäk duşuşyklar otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäginde tagallalary utgaşdyrmak, sebit howpsuzlygy bilen baglylykda, Owganystanda parahatçylygy, durmuş-ykdysady ösüşi dikeltmek barada-da durlup geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň söwda ulgamyndaky mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny aýdyp, 2026-njy ýylda Türkmen-özbek işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we üçünji sebitara forumy geçirmegi, Aşgabatda hem-de Daşkentde iki ýurduň söwda öýlerini açmagy teklip etdi. Şu gün dabaraly ýagdaýda açyljak Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň işi-de özara söwdany giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şular bilen birlikde, döwlet Baştutany ulag, energetika, oba we suw hojalygy, himiýa senagaty, medeniýet, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem anyk başlangyçlary öňe sürdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.