Ýazylan
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde jemi bahasy 7,8 million ABŞ-nyň dollaryndan gowrak bolan 17 şertnama baglaşyldy— diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Eksport amallarynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirliklerinden gelen daşary ýurtly alyjylar «Türkmennebit» döwlet konserniniň öndürýän awiakerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Gyrgyzystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler dokma önümlerini, şol sanda düşek toplumlaryny, tekiz boýalan we žakard görnüşli trikotaž önümlerini, pagta ýüplügini, buýan köküni hem-de çig ýüpegi satyn aldylar.
Içerki bazarda türkmen telekeçileri nebit-himiýa we dokma önümlerini satyn aldylar. Satyn alnan harytlaryň arasynda polipropilen, esasy ýag, «Türkmennebit» döwlet konserniniň aglomeraty, pagta ýüplügi, nah mata we nah ýüplügi bar. Içerki bazar üçin baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 67,2 million manatdan gowrak boldy.