Türkmen talyby halkara matematika olimpiadasynda ikinji orny eýeledi

Ýazylan

2025-nji ýylyň 5–11-nji noýabry aralygynda Polşanyň Katowise şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasy (ISTCiM-2025) geçirildi.

Bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik we gurluşyk fakultetiniň 5-nji kurs talyby, «Senagat we raýat gurluşygy» hünäri boýunça okaýan Nagym Baýramgulyýewiç Taňrygulyýew gatnaşdy we olimpiadanyň şahsy hasabynda ikinji orna mynasyp boldy.

Şahsy üstünlikden başga-da, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen topar halkara bäsleşigiň toparlaýyn hasabynda üçünji orny eýeledi.

Olimpiadanyň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen talyplar matematika boýunça öz bilimlerini we başarnyklaryny görkezdiler.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.