Ýazylan
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary iş sapary bilen Slowakiýa Respublikasyna bardylar. At sporty, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlary kafedrasynyň mugallymy Nowruz Myratdurdyýew hem-de tebigy ylymlar we kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-ylmy işgäri Döwranmyrat Begmyradow Nitra şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen halkara okuw seminaryna gatnaşdylar.
Bu çäre 2025-nji ýylyň 3-6-njy noýabry aralygynda Erasmus+ maksatnamasynyň «Merkezi Aziýa uniwersitetleri üçin ýaşyl ylalaşyk» (GDCAU) taslamasynyň çäklerinde geçirildi.
Seminaryň dowamynda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny okuw maksatnamalaryna goşmak, bar bolan okuw kurslaryny kämilleşdirmek, okuw meýilnamasyna iki täze dersiň girizilmegi, şeýle hem bilelikdäki magistratura maksatnamasynyň döredilmegi boýunça usulyýet sapaklary we tejribe alyşmalar geçirildi. Akademiýanyň wekilleri okuw maksatnamalarynyň gurluşy, mazmuny, garaşylýan netijeleri we häzirki zaman okuw usullary barada çykyş etdiler.
6-njy noýabrda akademiýanyň wekiliýeti Nitradaky Slowakiýanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň Atçylyk merkezine baryp, atlaryň türgenleşdirilişi, bökdençlikleriň geçilmegi, keselleriň barlagy we anyklanylyşy bilen tanyşdy.
Seminaryň netijesinde birnäçe ders boýunça okuw maksatnamalary kämilleşdirildi we ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hünär derejesi ýokarlandyryldy.