Ýazylan
Eýranyň Gülüstan welaýatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerinde Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda bilelikdäki söwda zolagyny döretmek boýunça Ikinji iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Çärä YHG-nyň wekilleri, şeýle hem iki ýurduň söwda, serhet we gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda «Altyn Asyr» — «Bajgiran» serhet-geçiş nokadynda söwda bazaryny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar döredilýän söwda zolagynda wiza we gümrük düzgünlerini ýeňilleşdirmek, ätiýaçlandyryş ulgamynyň işini ýola goýmak, şeýle hem taslama üçünji ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmek mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
YHG-nyň wekilleri taslamanyň durmuşa geçirilmegi gurama agza ýurtlar üçin iri nusgalyk desga boljakdygyny bellediler. Olar «Altyn Asyr» — «Inçeburun» gümrük nokadynda (Balkan welaýaty bilen Eýranyň Gülüstan welaýatynyň serhedinde ýerleşýär – red.) söwda zolagyny döretmek boýunça ylalaşygyň we meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamaga hem-de ony ýakyn wagtda iki tarapa ibermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti söwda zolagynyň meýilleşdirilýän gurluşyk ýeri bilen tanyşdy. Eýran tarapy söwda zolagynyň gurluşygy bilen bir hatarda gümrük nokadynyň işini pandemiýa döwründen öňki derejesine çenli doly dikeltmek maksadyny beýan etdi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar iş toparynyň indiki mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdiler.