CIET 2025 forumynda birnäçe hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi

Ýazylan

Ozal habar berlişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda düýn «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Forumyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe resminamalara gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «KHD Humboldt Wedag International AG» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Zippe Industrieanlagen GmbH» (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «WUHUAN Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «China CAMC Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda bug-gazan utilizator enjamyny getirmek we çalşyrmak işlerini ýerine ýetirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Invatix Solutions FZ-LLC» kompaniýasynyň (Birleşen Arap Emirlikleri) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda howa elektrik geçirijilerinde buzuň emele gelmeginiň öňüni almak üçin enjamlary üpjün etmek taslamasy boýunça Çarçuwaly ylalaşyk bar. Bu barada TDH habar berýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.