Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada resmi saparda bolar

Ýazylan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar.

Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-italýan işewürlük maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy hem göz öňünde tutulýar.

Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapara gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.