Ýazylan
Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahata Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurtdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriтшň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ilki institutyň eýwanynda milli mirasa, Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryna bagyşlanan sergi gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi.
Çärä ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Maslahatdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýäniň ähli garaşsyz ýurtlaryny birleşdirýän abraýly halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi. Şol döwürden bäri bu sene BMG-niň döredilen güni hökmünde bellenilýär.
Häzirki wagtda BMG-niň düzümine 193 döwlet girýär. Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan wagtyndan bäri bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu abraýly guramanyň işjeň agzasydyr.
BMG-niň esasy edaralaryna Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Geňeşi, Halkara Kazyýeti, Sekretariat degişlidir. Şeýle-de guramanyň ýöriteleşdirilen edaralaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Halkara pul gaznasy we başgalar girýär.
Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji bitarap döwlet boldy. Häzirki wagtda bu sene Halkara Bitaraplyk güni hökmünde halkara derejede giňden bellenilýär.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny baýram edýär. Çykyş edenler bu şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
***
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Maslahatda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilen işler we ony mundan beýläk-de ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada giňişleýin durlup geçildi. Şunda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary boýunça tagallalaryň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirildi. Çykyş edenler 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdiler.
Maslahata gatnaşyjylar abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdiler.
Maslahatyň jemleri boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.