CNPC 2026-njy ýyldan «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge başlar

Ýazylan

Hytaýyň Nebitgaz korporasiýasy CNPC 2026-njy ýylyň başynda Türkmenistanyň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatynda çykyş edip mälim etdi.

— «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegi ýedi tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Onuň birinji tapgyry üstünlikli tamamlandy, bu çäkde ýyllyk umumy kuwwaty 30 milliard kub metr bolan üç sany gaz arassalaýjy zawod guruldy we olar häzirki wagtda üstünlikli işleýärler — diýip, M.Babaýew belledi.

Onuň sözlerine görä, ýyllyk taslama kuwwaty 10 milliard kub metr bolan dördünji tapgyr halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan CNPC kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçiriler.

— Bu tapgyryň senagat taýdan özleşdirilmegine indiki ýylyň başynda girişiler we bu işler dolulygyna Türkmenistanyň öz serişdeleri hasabyna maliýeleşdirilýär — diýip, «Türkmengaz» konserniniň başlygy nygtady.

M.Babaýewiň bellemegine görä, eksport ugurlaryny köptaraplaýynlaşdyrmak Türkmenistanyň gaz syýasatynyň esasy ugrudyr. Türkmen tebigy gazynyň iň iri alyjysy häzirki wagtda Hytaý bolup durýar. Häzirki wagtda «Türkmenistan — Hytaý» gaz geçirijisiniň üç şahasy (A, B we C) boýunça ýylda takmynan 40 milliard kub metr gaz iberilýär.

— Dördünji şahanyň (D liniýasynyň) ulanyşa girizilmeginden soň, umumy üpjünçilik mukdaryny ýylda takmynan 65 milliard kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa dünýäniň iň çalt ösýän energetika bazarlarynyň birine gaz üpjünçiliginiň durnuklylygyny has-da pugtalandyrar — diýip, konserniň başlygy nygtady.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.