Ýazylan
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda OGT–2025 halkara energetika maslahaty öz işine başlady. Bu forum global energetika meselelerine we strategik hyzmatdaşlyga bagyşlanýar.
Açylyş dabarasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energetikanyň geljegini kemal getirmek» şygary bilen geçirildi. Ilkinji umumy mejlisiň esasy temasy energetika pudagynyň geljegini kesgitleýän möhüm ugurlar boldy: kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, tehnologik innowasiýalar, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşi. Duşuşykda Türkmenistana aýratyn üns berildi, biziň ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýar, gorlarynyň möçberi bolsa 50 trillion kub metre golaýlaýar.
Maslahatyň işine dürli ýurtlardan energetika pudagynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşýar. Çykyş edýänleriň arasynda: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Özbegistanyň energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow, Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalow, şeýle hem iri halkara energetika kompaniýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary bar.
Forumyň dowamynda gatnaşyjylar energetika infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, eksport ugurlarynyň giňeldilmegi hem-de halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. OGT–2025 halkara maslahaty sebitiň global energetika ulgamyndaky ornuny güýçlendirmäge we maýa goýumlary çekmäge gönükdirilendir.