Ýazylan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Russiýanyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy.
Prezident Wladimir Putin gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara dialogy pugtalandyrmakda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň uly goşandyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadaga mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus döwletara dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belledi. Şeýle-de pursatdan peýdalanyp, russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Prezident Wladimir Putin çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan syýasatynyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.