Türkmenistanda haýyr-sahawat maksatly menzilara töleg hyzmatlaryny işe girizmek boýunça çäreler görülýär

Ýazylan

Türkmenistanda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda haýyr-sahawat maksady bilen menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizmek boýunça degişli çäreler görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde birnäçe döwletlere ynsanperwerlik kömeginiň berlendigi, şunuň bilen baglylykda, Gaznanyň adyna daşary ýurtlardan, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyndan hoşallyk hatlarynyň gelip gowşandygy barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, şol hatlarda döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähmiýetli orny nygtalýar.

Wise-premýer Türkmenistanyň "Senagat" paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan "Senagat töleg" ykjam programma üpjünçiliginde ýurduň raýatlarynyň haýyr-sahawatlaryny nagt däl görnüşinde töleg etmek hyzmatyny girizmek baradaky teklip barada habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan haýyr-sogaply işlerini aýratyn belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna meýletin haýyr-sahawat serişdelerini sanly ulgam arkaly tölemek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.