Ýazylan 12.07.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzda 2021-nji ýylda dabaraly belleniljek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, “TürkmenTelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň Ahal, Balkan we Mary welaýatlaryndaky çetki obalara “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly ýokary tizlikli internet hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Uzak aralyklary ýakynlaşdyrýan VSAT aragatnaşyk toplumlary ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan oba adamlarynyň alyp barýan işlerinde uly ýeňillikler döredýär hem-de şäherde ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri etrap merkezlerinden daşda ýerleşýän oba ilatyň şertlerini deňleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirilýär, bu bolsa Arkadag Prezidentimiziň önde goýýan uly ähmiýetli wezipeleriniň biri bolup durýar.
Seýle döredilýän şertler üçin aragatnaşykçylar Gahryman Prezidentimize bimöçber sag bolsun aýdýarlar. Hormatly Prezidentimize berk jan-saglyk, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw edýärler.