Ýazylan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidilýändigini we many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi we özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Federal Kansleri Fridrih Merse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.