Ýazylan
1-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ÝUNISEF-iň 2026 — 2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, bu resminama şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň öňdebaryjy edaralarynyň ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji nobatdaky sessiýalarynda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan tassyklanyldy.
Duşuşykda taraplar degişli maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça pikir alyşdylar. Maksatnama çagalaryň irki ösüşi, inklýuziwlik we jemgyýete goşulyşmak, howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi hem-de ýaşlaryň goşulyşmagy ýaly esasy ugurlary öz içine alýar.
Şeýle hem duşuşykda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna ÝUNISEF-iň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.