Ýazylan
Gazagystanyň Parlamentiniň Mažilisiniň karary bilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň hökümetleriniň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk tassyklanyldy. Resminama 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda gol çekilipdi — diýip, kazakhstan.today saýty habar berýär.
Bu Ylalaşyk iki ýurduň arasynda guramaçylykly jenaýatçylyga, terrorçylyga we ekstremizme, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna, bikanun migrasiýa hem-de adam söwdasyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döredýär. Şeýle hem resminama bilelikdäki tagallalaryny talap edýän jenaýatlaryň beýleki görnüşleriniň derňelmegine degişli meseleleri öz içine alýar.
Ylalaşygyň çäklerinde taraplar özara talaplary ýerine ýetirerler, operatiw we kriminalistik maglumatlary, hünär tejribesini alyşarlar, degişli ugur boýunça hünärmenleri ibererler hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmek bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen üpjün ederler. Şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýar.
Ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin jogapkär edaralar hökmünde Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Gazagystanyň Içeri işler ministrligi kesgitlenildi.