Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy

Ýazylan

Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Konsepsiýada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda zähmet bazaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.