Ýazylan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen bolan duşuşygynda häzirki wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz üstaşyr ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini aýdyp, Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi hem-de hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bilelikde tagalla etmegi teklip etdi.
Duşuşykda, hususan-da, Türkmenistanyň Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardygy bellenildi. Bu barada TDH habar berýär.