Türkmenistanyň DIM-nde ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi

Ýazylan

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer.

Resminama Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly lçisi Szi Şumin gol çekdi.

Gol çekilen resminama toplanan oňyn tejribäni alyşmagy, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryna ösen innowasion çözgütleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.