Ýazylan
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi 2026-njy ýylda daşary ýurtlara awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamak üçin rugsatnamalary almak boýunça ýüz tutmalaryň kabul edilýändigini yglan etdi. Resminamalaryň kabul edilişi 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli dowam eder — diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Ýüz tutmalar döwlet edaralaryndan, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamak isleýän hususy şahslardan kabul edilýär.
Giňişleýin maglumatlary almak we ýüz tutmak üçin aşakdaky salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 126.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-03-36, 39-03-37.