Aşgabatda türkmen-katar hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýazylan

Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetine ýokary baha berdiler we mundan beýläk hem berkitmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.