Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýazylan

2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri hökmünde iň ýokary syýasy derejedäki yzygiderli dialogyň ähmiýeti nygtaldy.Şunuň bilen baglylykda, taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän saparlara we duşuşyklara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.