Koreýa Respublikasy ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

Ýazylan

11-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde Ilçi özüniň diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.