Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäherine geldi

Ýazylan

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäherine geldi.

«Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda habar berilmegine görä, belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Özbegistanyň Lideri iki doganlyk halkyň arasyndaky mizemez dostluga mahsus bolan aýratyn mähirlilik we dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagy bu forumyň abraýyny has-da artdyrýar. Bu sapar diňe bir köptaraplaýyn başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin däl, eýsem, iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir diýlip, habarda bellenilýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.