Türkmenistanyň Prezidenti Awazada BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Ýazylan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna minnetdarlygyny beýan etdi we bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen täze Hereketleriň maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýene-de Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Ol türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

Baş sekretar Antoniu Guterriş Türkmenistanyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin döreden mümkinçiliklerine we bu ugurdaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Ol munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin türkmen tarapynyň mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigini belläp, forumyň şowly geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bu halkara çäräniň dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, özara arabaglanyşygy ýola goýmakda we ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Baş sekretar Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Baş sekretar Antoniu Guterriş Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gazanýan uly üstünliklerini kanagatlanma bilen nygtap, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy maksat edinýän türkmen tarapynyň möhüm halkara başlangyçlarynyň we köpugurly işiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.