«Ýüpek ýoly» rallisinde islendik ýolda ýöreýän awtoulaglaryň hasabynda Toýlyýewiň ekipažy ýeňiji boldy

Ýazylan

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň sürüjileri Merdan we Şöhrat Toýlyýewler Nissan Patrol awtoulagynda halkara derejeli «Ýüpek ýoly – 2025» ralli-marafonynda T2 synpyndaky islendik ýolda ýöreýän ulaglaryň hasabynda ýeňiji boldular.

Jemleýji 11-nji tapgyr 22-nji iýulda Koş-Agaç — Gorno-Altaýsk ugry boýunça geçirildi. Ýörite tapgyryň aralygy 131,29 km-e barabar boldy.

Doganlar Toýlyýewleriň ekipažy rallini 47 sagat 18 minut 7 sekunt bolan umumy netije bilen tamamlap, ikinji orny eýelän türkmenistanlylar — Meýlis Abdyllaýewden we Italmaz Çaryýewden öňe saýlanmagy başardylar (olaryň hem ulaglary Nissan Patrol). Üçünji orny bolsa Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow eýeledi (Nissan Patrol).

Ýaryşyň öwrülişikli pursady 9-njy tapgyrda bolup geçdi. Şonda umumy hasapda öňde barýan Daňatarow ýörite tapgyry geçip bilmän, 21 sagat jerime aldy. Şol pursat Merdan Toýlyýew öňe saýlanmaga mümkinçilik aldy we pellehana çenli öz ornuny saklamagy başardy.

«Ýüpek ýoly – 2025» ralli ýaryşy 12–22-nji iýul aralygynda Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinde geçirildi. Ýaryşa Irkutsk şäherinde badalga berildi, pellehanadan bolsa Gorno-Altaýskda geçildi. T2 synpyndaky islendik ýoldan ýöreýän ulaglar boýunça ralli ýaryşyna diňe üç ekipaž gatnaşdy — olaryň ählisi Türkmenistanyň Awtoulag sporty federasiýasynyň wekilleridir.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.