Ýazylan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy. Bu barada HHM habar berdi.
Habarda «Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary Sowet halkynyň faşizme garşy göreşde görkezen edermenligine çuňňur hormat goýmagyň we hatyralamagyň subutnamasy, şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň nyşany boldy» diýlip bellenilýär.
Moskwadaky geçiriljek dabaraly harby ýöriş Aşgabat wagty bilen sagat 12:00-da başlanyp, takmynan, 13:00-a çenli dowam eder. Ozal habar berlişi ýaly Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Hormat garawuly baýramçylyk paradyna gatnaşar.