Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar

Ýazylan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.

Biraz wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.