Ahal welaýatynda migrasiýa gullugy üçin goşmaça binalar gurlar

Ýazylan

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýat müdirliginiň çäginde goşmaça binalary gurmak üçin tender bäsleşigini yglan etdi.

Şu günki «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetindäki habarnamada bellenilişi ýaly, gyzyklanýan taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri 2025-nji ýylyň 6-njy iýunyna çenli kabul edilýär. Haýyşnamalaryň bellige alynmagy Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde amala aşyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän kompaniýalar öz tekliplerini Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 84 salgysy boýunça iberip bilerler.

Goşmaça maglumatlary 44-45-55, 44-46-64 telefon belgileri arkaly alyp bolýar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.