Ýazylan
Şu gün — 2-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen MHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Şeýle-de Türkmenistan tarapyndan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek meseleleriniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde garalýandygy bellenildi.
Taraplar «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2023-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
2024-nji ýyldaky çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Türkmenistannyň Hökümetiniň we MHG-niň bilelikdäki taslamalaryny ýakyn geljekde durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy. Mundan başga-da, gepleşikleriň barşynda 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda ýurtda raýatlygy bolmadyk adamlary aradan aýyrmak boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda durulup geçildi. Raýatlygy bolmadyk adamlaryň sanyny azaltmak we onuň öňüni almak ugrunda Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň bosgunlar, raýatlygy bolmadyk adamlar we migrantlar bilen baglanyşykly meseleleri milli we halkara derejesinde çözmek baradaky borçnamalaryna wepalydygy mälim edildi.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.