Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

Ýazylan

Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi diýip, TDH ýazýar.

Bag ekmek dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle halk köpçüligi gatnaşdy.

Bu ekologiki başlangyjyň esasy maksady tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmekden we ýurduň biodürlüligini gorap saklamakdan ybaratdyr.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda tebigaty goramak bilen baglanyşykly bu işlere halkyň giňden çekilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ählihalk bag ekmek çäresi şeýle asylly maksatlary amala aşyrmaga hem-de jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär diýlip, TDH-niň habarynda bellenilýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.