«Galkynyş» toparynyň agzalarynyň hersine müň ýewrodan baýrak gowşurmaga ygtyýar berildi

Ýazylan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň çözgüdi bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 1000 ýewrodan jemi 17 000 ýewro pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.