Ýazylan
23 – 27-nji fewralda Türkmenistanda Owganystanyň önümleriniň sergisi we işewürlik maslahaty geçiriler. Olara goňşy döwletiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalarynyň wekilleri we işewürleri gatnaşarlar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew degişli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Serginiň we işewürlik maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini hem-de Türkmenistanyň önümlerini Owganystana eksport etmek babatdaky mümkinçilikleri maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-owgan gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädim hökmünde serginiň we maslahatyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany höderlenen teklibi makullap, çäreleriň ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ozalky türkmen-owgan işewürlik maslahaty we owgan harytlarynyň sergisi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçen ýylyň 4 – 6-njy martynda geçirilipdi.