«Türkmenawtoulaglary» agentligi Hytaýdan 700 sany täze awtobuslary satyn alar

Ýazylan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine 700 sany «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo.,Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.