«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Nowruz baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi

Ýazylan

Şu günler ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň okuw binasynyň öňünde, açyk asmanyň astynda gurnalan«Bahar pasly baýramlaryň paslydyr - Hoş geldiň Nowruzym eziz Diýara!» atly baýramçylyk çäresine agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Milli bahar baýramyny wasp edýän aýdym-sazlar we goşgy setirleri ýaňlandy. Tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary bolsa dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Bu günki gün Nowruz baýramy türki dünýäsiniň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Häzirki zaman sungat ýörelgelerini utgaşdyryp, medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.