Ýazylan
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti we Türkmenbaşy şäher komiteti bilen bilelikde «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen maslahat geçirildi.
Maslahata Agentligiň garamagyndaky edaralaryň, kärhanalaryň işgärleri we Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen geçmişimizi, medeni, edebi mirasymyzy öwrenmäge, dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga uly üns berilýär. Ynsanperwer ýörelgeleri öňe süren Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara derejede bellenilýär. Şahyryň döredijiliginiň umman ýaly çuňlugy, asman ýaly giňligi her bir okyjyda uly täsir döredýär, okyjynyň gözýetimini giňeldýär. Beýik akyldaryň edebi we çeperçilik mekdebine öwrülen döredijiligi dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin nusgawy şahyryň eserleri daşary ýurt dillerinde okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Ýyllar geçdigiçe şygryýet äleminiň soltany, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, onuň ýazan eserleriniň gadyr-gymmaty artýar.
ÝUNESKO tarapyndan 2024-2025-nji ýyllarda bellenilip geçiljek çäreleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň goşulmagy, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi beýik akyldara goýulýan belent hormatyň, sarpanyň nyşanydyr diýip çykyş edenler nygtadylar.