Türkmenistan we «China CAMC» kompaniýasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Written on

Türkmenistanyň Demir ýol ulag ministrligi bilen Hytaýyň China CAMC Engineering Co., Ltd. kompaniýasy demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama «Türkmentel – 2025» Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň netijeleri boýunça gol çekildi.

Ähtnama laýyklykda taraplar täze ýokary tizlikli demir ýol ugruny gurmakda, bar bolan demir ýollary döwrebaplaşdyrmakda we elektrikleşdirmekde, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly ýolagçy depolaryny gurmakda hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärler.

Resminama tehnologiýalar babatynda tejribe alyşmagy we hünärmenleri taýýarlamagy hem göz öňünde tutýar.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.