Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň, Günorta Koreýanyň Türkmenistandaky täze ilçilerini kabul etdi

Written on

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni aýratynlykda kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi bilen duşuşyk:

Ilçi parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanda Italiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Aşgabadyň binagärlik keşbiniň, ekologik derejesiniň özünde uly täsirleri galdyrandygyny belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Şeýle hem duşuşykda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleriniň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri bolup hyzmat edýändigi aýdyldy.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi bilen duşuşyk:

Ilçi giň gerimli senagat taslamalaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belläp, koreý kompaniýalaryna Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Türkmenistan döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly orny nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidenti ylym-bilim ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Aşgabat şäherinde Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň hereket edýändigini belledi hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de dürli ugurlar boýunça pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda Italiýanyň we Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatlaryny gowşurdylar.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.